Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär

Milli Goranmak ministrliginiň Twitter hasabyndan beýanat berildi

1754134
Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär

Siriýanyň demirgazygyndaky Ýewfrat Galkany operasiýasy sebitine minomýot we köp nilli raketalar bilen hüjüm guran ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-e agza 8 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi. 

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrliginiň Twitter hasabyndan berilen beýanatda: "Siriýanyň demirgazygyndaky Ýewfrat Galkany operasiýasy sebitine minomýot we köp nilli raketalar bilen hüjüm guran PKK/ÝPG-e agza terrorçylara berk garşylyk görkezildi. Ilkinji kesgitlemelere görä hüjüm guran PKK/ÝPG-e agza 8 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirilip, terrorçylar tarapyndan ulanylan ulag hem hatardan çykaryldy" diýip habar berildi. 


Etiketkalar: #hüjüm , #terrorçy , #ÝPG , #PKK

Degişli Habarlar