TBMM-niň Başlygy Mustafa Şentop Albaniýada Saparda Bolýar

Mustafa Şentop Albaniýa guraýan saparynyň çäginde kärdeşi Lindita Nikola bilen duşuşdy.

1753800
TBMM-niň Başlygy Mustafa Şentop Albaniýada Saparda Bolýar

Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň başlygy Mustafa Şentop Albaniýa guraýan saparynyň çäginde kärdeşi Lindita Nikola bilen duşuşdy.

Mustafa Şentop bilen Albaniýanyn Mejlisiniň başlygy Nikola özara duşuşykdan soň toparara gepleşiklere ýolbaşçylyk etdi.

Şentop toparara gepleşikde eden çykyşynda, Albaniýanyň we alban halkynyň türk halkynyň kalbynda özboluşly ýere eýedigini nygtap, özara gatnaşyklaryň strategik ýaranlyk derejesine göterilmeginden hoşaldyklaryny belledi.

Şentop, türk maýadarlarynyň 2021-nji ýylyň 9 aýlyk döwründe Albaniýa 3,5 milliard dollarlyk maýa goýandygyny ýatlatdy.

Mustafa Şentop, Albaniýada 600-den gowrak türk firmasynyň iş alyp barýandygyna ünsi çekdi.

Albaniýanyn Mejlisiniň başlygy Nikola hem 2019-njy ýylda Albaniýada bolan ýer titremesinde Türkiýäniň beren kömegi üçin sag bolsun aýtdy.



Degişli Habarlar