Çawuşogly: "Daşary syýasatda ileri tutýan ugrumyz diplomatiýa" diýdi

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Türkiýäniň giň geografiýada diplomatik inisiatiwa üstünligine esaslanýan realistik daşary syýasat alyp barýandygyny beýan etdi

1752036
Çawuşogly: "Daşary syýasatda ileri tutýan ugrumyz diplomatiýa" diýdi

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly "Halkara gatnaşyklar geňeşi" atly jemgyýet tarapyndan onlaýn görnüşde geçirilen Halkara howpsuzlyk akademiýasynyň maslahatynyň ýapylyş bölümine gatnaşyp, ol ýerde çykyş etdi. 

Russiýa bilen Ukrainanyň we Russiýa bilen NATO-nyň arasyndaky bäsdeşligiň howply sepgide ýetendigini aýdan Mewlüt Çawuşogly: "Russiýa bilen köptaraplaýyn gatnaşyklarymyz bar diýip ýörelgelerimizi we Ukraina bilen gatnaşyklarymyzy ýok hökmünde hasap edip bilmeris. Şunuň ýaly köp sanda kyn deňlemelerde, zamanyň ruhy we milli howpsuzlygymyz taýdan näme dogry diýip hasap edýän bolsak şony edýäris. Bu kyn bir iş, emma diplomatiýa hem şonuň üçin bar" diýip habar berdi. 

Daşary syýasaty milli gymmatlyklaryň we bähbitleriň, meýdandaky hakykatlaryň, mümkinçilikleriň üstüne gurandyklaryny aýdan Çawuşogly, ýörelgelerden dänmän, diplomatiýany realistik pozisiýa bilen alyp barýandyklaryny beýan etdi. 

Milli howpsuzlygyň iň möhüm kepillikleriniň biriniň Türkiýäniň eýmendiriji güýjüdigini aýdan Çawuşogly, eýmendiriji bir güýje eýe bolmak üçin hem harby güýç, ilat, ykdysady güýç ýaly ugurlar bilen birlikde, täsirli diplomatiýa hem eýe bolmagyň gerekdigini habar berdi. 

Diplomatiýany hemişe ileri tutandyklaryny we ileri tutmaga dowam etjekdiklerini aýdan Çawuşogly, Liwiýadan we Gündogar Ortaýer deňizine we Siriýa çenli "ilki bilen diplomatiýa" diýendiklerini mälim etdi. 

Çawuşogly: "Diplomatiýa biten ýagdaýynda bolsa meýdana çykdyk. Bu tutanýerlilik milli güýç baradaky düşünjämizi we eýmendirji güýjümizi örän artdyrdy. Diňe sebitimizde däl, eýsem bütin dünýäde" diýip aýan etdi. 



Degişli Habarlar