Prezident Erdogan Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň beýanat berdi

Erdogan: "Afrikany howplaryň öýjügi hökmünde garamaýarys, beýgelýän bir güýç hökmünde häsýetlendirýäris" diýip belledi

1750262
Prezident Erdogan Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň beýanat berdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan Ankara şäherinde geçirilen Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň beýanat berdi. 

Erdogan Stambulda geçirilen 3-nji Türkiýe-Afrika hyzmatdaşlyk sammiti bilen baglanşykly: "Afrikaly liderleri ýene-de bir gezek ýurdumyzda myhman etdik. Sammitimiz ozalkylar ýaly örän netijeli geçdi. Kärdeşlerim bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary we sebitleýin meseleleri ara alyp maslahatlaşdyk. Ministrlerimiziň gatnaşmagynda geçirilen maslahat bilen edilip bilinjek köp sandaky ädimleri maslahatlaşdyk. Bu sammit bilen Türkiýe-Afrika hyzmatdaşlygynda täze bir döwüre gadam basandygymyza ynanýaryn. Maksadymyz söwda kuwwadymyzy 50 milliard dollardan soň, 75 milliard dollara ýetirmek" diýip habar berdi. 

Prezident Erdogan: "Afrika howplaryň öýjügi hökmünde garamaýarys, beýgelýän bir güýç hökmünde häsýetlendirýäris" diýip beýan etdi. 



Degişli Habarlar