“Ýanwar Aýynda Täjigistan Bilen Wiza Ulgamy Bes Ediler”

Warank, “Ýanwar aýyndan başlap Täjigistan bilen wiza ulgamy bes ediler. Raýatlarymyz wizasyz Täjigistana syýahat edip biler” diýdi.

1748675
“Ýanwar Aýynda Täjigistan Bilen Wiza Ulgamy Bes Ediler”

Senagat we tehnalogiýa ministri Mustafa Warank, ýanwar aýynda Täjigistan bilen wiza ulgamynyň bes ediljekdigini aýtdy.

Ministr Warank, Konýada Selçukly kongres merkezinde geçirlen Türkiýe-Täjigistan işewürler maslahatynda eden çykyşynda, maslahatyň dost we doganlyk ýurt Täjigistan bilen edilýän gatnaşyklaryň pugtalanmagyna itergi bermegini umyt edýändigini aýtdy.

Türkiýäniň Orta Aziýadaky esasy hyzmatdaşlaryndan biriniň Täjigistandygyny nygtan Warank, iki ýurduň arasyndaky söwda mukdarynyň üstümizdäki ýylyň 10 aýlyk döwründe 362 million dollara barabar bolandygyny belledi.

Warank, täze görnüş koronawirus epidemiýasy etabynda iki ýurduň arasyndaky söwda gatnaşyklarynyň pugtalanandygyny we 1 milliard dollarlyk söwda maksadyna ýetjekdiklerini ýatlatdy.

Iki ýurduň hökümetleriniň ýakyndan gatnaşyk edýändigini nygtan Warank, “Ýanwar aýyndan başlap Täjigistan bilen wiza ulgamy bes ediler. Raýatlarymyz wizasyz Täjigistana syýahat edip biler” diýdi.



Degişli Habarlar