Türkiýe-Ermenistan Gatnaşyklary Kadalaşar

"Ýerewan-Stambul çarter uçar saparlaryny hem ýakynda başladarys”

1747048
Türkiýe-Ermenistan Gatnaşyklary Kadalaşar

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisinde, Daşary işler ministrliginiň bujetine guralan maslahatda eden çykyşynda, Türkiýäniň dünýä ýurtlary bilen edýän gatnaşyklary hakynda maglumat berdi.

Kawkazda Azerbaýjan bilen birlikde sebitara parahatçylygyň we durnuklylygyň üpjün edilmegi üçin uly tagalla edýändiklerini aýdan Çawuşogly “Azerbaýjan bilen bu meseläni ara alyp maslahatlaşdyk. Ýakynda Ermenstan bilen edilýän gatnaşyklaryň kadalaşmagy üçin ýörite wekil belläris. Bu meselede Azerbaýjan bilen birlikde hereket ederis. Mundan başgada Ýerewan-Stambul çarter uçar saparlaryny hem ýakynda başladarys” diýdi.



Degişli Habarlar