Ermenistan Türkiýe Bilen Gatnaşyklaryny Kadalaşdyrmak Üçin Ýörite Wekil Bellär

Bu barasynda Ermenistanyň Daşary işler ministrligi habar berdi.

1747150
Ermenistan Türkiýe Bilen Gatnaşyklaryny Kadalaşdyrmak Üçin Ýörite Wekil Bellär

Ermenistanyň Daşary işler ministrliginiň Metbugat sekretary Waan Unanýan resmi Ýerewanyň Türkiýe bilen gatnaşyklaryň kadalaşmagy üçin ýörite wekil bellejekdigini habar berdi.

Unanýan sosial media hasabyndan beren habarnamasynda Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglunyň Ermenistan boýunça ýörite wekiliň bellenjekdigi hakyndaky beýanaty hakynda garaýyş beýan etdi.

Ýurdunyň Türkiýe bilen gatnaşyklary şertsiz kadalaşdyrma tapgyryna taýardygyny nygtan Unanýan, ermeni tarapynyň dialog başlatmak üçin ýörite wekil bellejekdigini nygtady.

Mewlüt Çawuşogly Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Baş Assambleýasynda ministrligiň 2022-nji ýyldaky býujetiniň seljeriş maslahatynda Ermenistan meselesinde Ilçihana açylmajakdygyny, eýsem ýörite wekiliň bellenjekdigini aýdandygyny ýatladyp; “Azerbaýjan hem onuň iňňän ýerliklidigini beýan etdi. Biz her bir meseläni Azerbaýjan bilen utgaşdyrýarys, ara alyp maslahatlaşýarys, olar bilen bilelikde karara gelýäris. Ermenistan soňky başdan geçirilenlerden netije çykaryp, parahatçylygy, asudalygy saýlap alsa, ilçihana hem açarys. Bu meselede ýene-de Azerbaýjan bilen bilelikde karar bereris” diýipdi.

 



Degişli Habarlar