“TRT: Stratcom Ýörite” Maslahaty Guraldy

Maslahatda baş Müdir Mehmed Zahid Sobajy TRT-niň Türkiýede ýaýlym pudagynda öňbaşçydygyny beýan etdi.

1746737
“TRT: Stratcom Ýörite” Maslahaty Guraldy
TRT Stratcom Ozel.jpg
mehmet zahid sobaci.jpg

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasy Stambulyň Haliç maslahatlar merkezinde guralan Halkara strategik aragatnaşyk sammitiniň çäginde “TRT: Stratjom Ýörite” maslahaty guraldy.

TRT-niň Baş müdiri Mehmed Zahid Sobajy maslahatda sözlän sözünde TRT-niň Türkiýede ýaýlym pudagynda öňbaşçydygyny beýan edip; “Şu günki günde 18 teleýaýlymy bilen dürli dillerde we sebitlerde ýaýlym berýän TRT hakynda aýdýarys. 18 radio ýaýlymy bilen, 9 digital platformasy, 4 digital aplikasiýasy, neşirýatlary, milli we halkara derejede geçirýän çäreleri bilen aslyna seredilende ýaýlym işlerini alyp barýan, täsir ýetirme güýjüni görkezýän TRT hakda aýdýarys” diýdi.

TRT-niň Türkiýäniň global we sebitleýin meseleleri boýunça hukuklaryny, garaýyşlaryny, tezislerini halkara platformalarda gün tertibine getirýändiklerini nygtan Sobajy; “Häzirki wagta çenli çetleşdirilen, ünsden düşürilen sebitleriň sesini halkara syýasatyň gün tertibine getirmäge çalyşýarys. Şonuň üçin TRT World esasy gurallarymyzdan biri. Şol bir wagtda-da belkem maglumat hapalygynyň, ýoýmalaryň ýaýbaňlanýan döwründe adamlaryň isleg bildirýän zady ýoýulmadyk aragatnaşyk we habar almak hukugyny iş ýüzüne geçirmek ugrunda tagalla edýäris” diýdi.



Degişli Habarlar