Yragyň demirgazygynda PKK-a agza 2 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi
Yragyň demirgazygyndaky Zap sebitinde PKK-a agza 2 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi
1745795
Türkiýäniň Milli Goranmak ministrliginiň Twitter hasabyndan berilen beýanatda: "Şehit bolan esgerlerimiz üçin hasap soramaga, hyýanatçylyk bilen guralan hüjümiň jogabyny almaga dowam edýäris. Türkiýäniň Ýaragly güýçleri Yragyň demirgazygyndaky Zap sebitinde PKK-a agza 2 terrorçyny od açyp täsirsiz ýagdaýa getirdi. Sebitdäki operasiýalarymyz täsirli ýagdaýda dowam etdirilýär" diýip habar berildi.