“Ysraýyl Bilen Edýän Gatnaşyklarymyz Kadalaşyp Biler”

Erdogan, Katara guran saparyndan gaýdyşyn žurnalistleriň soraglaryna jogap berdi.

1744685
“Ysraýyl Bilen Edýän Gatnaşyklarymyz Kadalaşyp Biler”

Prezident R. T. Erdogan, Katara guran saparyndan gaýdyşyn žurnalistleriň soraglaryna jogap berdi.

Prezident Erdogan, žurnalistleriň “Türkiýe bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda Abu Dabiniň Mirasdar Şazadasynyň Türkiýä guran saparynyň çäginde birnäçe şertnama baglaşyldy. Şuňa meňzeş etap Ysraýyl we Müsür bilen edilýän gatnaşyklarda hem başlap bilermi” diýen soragyna jogap berdi.

Abu Dabiden gelen hyzmatdaşlyk teklibini kabul edendiklerini we gepleşikleriň Milli howpsyzlygy gullugy we Daşary işler ministrligi arkaly geçirlendigini ýatladan Erdogan : “Elbetde Ysraýyl bilen edilýän gatnaşyklarda hem täze etap başlap biler. Biz dünýäniň we sebitiň parahatçylygy üçin tagalla edýäris. Men geçmişde ysraýylly ýolbşaçylar bilen duşuşyklar geçirdim. Emma Ysraýyl Palestina meselesine ünsli çemeleşmeli. İýerusalim we Aka metijidi meselesinde hem ünsli bolmaly. Ysraýyl bu meselelerde içgin bolan halatynda biz hem elimizden geleni ederis” diýip belledi.



Degişli Habarlar