Noýabr aýynda 169 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Maýor Pynar Kara tarapyndan metbugat ýygnagy geçirildi

1740796
Noýabr aýynda 169 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrligi, noýabr aýynda geçirilen 61 aýry operasiýada 169 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini, şu ýylyň başyndan bäri täsirsiz ýagdaýa getirilen terrorçylaryň sanynyň bolsa 2 müň 529-a ýetendigini habar berdi. 

Milli Goranmak ministrliginiň metbugat we jemgyýetçilik gatnaşyklary bölüminiň Meýilnamalaşdyryş boýunça ofiseri maýor Pynar Kara tarapyndan ministrlikdäki Şehit žurnalist Hasan Tahsin metbugat merkezinde metbugat ýygnagy geçirildi. 

Pynar Kara maslahatda beren beýanatynda: "Noýabr aýynda serhetden bikanun ýollar bilen geçmäge synanyşan 51-i terrorçy bolan jemi 756 adam saklandy, 24 müň 118 adam serhetden geçmeden ozal öňi alyndy. Gresiýa 2021-nji ýylyň başyndan bäri harby deňiz we howa ulaglary bilen harby bolmadyk statusdaky adalar bilen bagly 2 müň 321 düzgün bozma amala aşyrdy" diýip aýan etdi. 

Pynar Kara: "Liwiýada we Türkiýede şu günki güne çenli Liwiýanyň Ýaragly güýçlerinden 6 müň 799 adama harby tälim berildi, 974 adamyň harby tälimi bolsa dowam edýär" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar