Koronawirus Pandemiýasy Parlamentrar Diplomatiýanyň Ähmiýetini Hasam Artdyrdy

Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentop Ispaniýanyň paýtagty Madritde geçirilen Parlamenara Bileleşigiň 143-nji sessiýasynyň çäginde 120 agzaly Arabaglanşyksyzlar hereketiniň Parlamentar torunyň maslahatynda çykyş etdi.

1740101
Koronawirus Pandemiýasy Parlamentrar Diplomatiýanyň Ähmiýetini Hasam Artdyrdy

Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentop koronawirus pandemiýasy bilen birlikde artan adalatsyzlyklaryň, diskriminasiýalaryň we üýtgän deňagramlyklaryň ortadan aýrylmagy üçin parlamentar diplomatiýanyň hem-de hyzmatdaşlygyň ähmiýetiniň hasam ýokarlandygyny beýan etdi.

Şentop Ispaniýanyň paýtagty Madritde geçirilen Parlamenara Bileleşigiň 143-nji sessiýasynyň çäginde 120 agzaly Arabaglanşyksyzlar hereketiniň Parlamentar torunyň maslahatynda çykyş etdi.

Arabaglanşyksyzlar hereketiniň halkara deňagramlyklary adalata gönükdirmäge, parahatçylyga, deňlige, hyzmatdaşlyga we abadançylyga esaslanýan dünýäniň gurulmagyna goşant goşmakda möhüm potensiala eýedigini nygtan Şentop, bu guramanyň Azerbaýjanyň döwürleýin başlyklygynda funksiýasynyň we pozisiýasynyň hasam güýçlenjekdigini nygtady.

“Halkara arenadaky köpsesliligiň ähmiýeti hasam güýçli duýulýar” diýen TBMM-niň Başlygy Şentop; “Açlyk, ýoksullyk, adamzada garşy edilen jenaýatlar we İýerusalimiň hukuk derejesi ýaly global ähmiýetli meselelerde durnukly çözgüt tapmak diňe açyk diskussiýa we ylalaşyk arkaly mümkin bolar” diýdi.

Global pandemiýanyň adalatsyzlyklary ýene-de bir gezek ýüze çykarandygyny beýan eden Şentop; “Sanjymyň we lukmançylyk enjamlarynyň üpjünçiligi taýdan alalaýjy we diskrimatiw çemeleşmeler sebäpli ösüp barýan ençeme ýurt başlangyç saglyk isleglerini kanagatlandyrmakda kynçylyk çekdi. Şol jähtden buýsanç bilen beýan edesim gelýär, Türkiýe özüne gelip ýeten ähli görnüşdäki lukmançylyk kömegi talabyny kanagatlandyrdy we şertlerini içginlik bilen isleg bildiren ähli  ýurtlaryň ulanmagyna açdy” diýdi.

Şentop Türkiýäniň pandemiýa garşy göreşde goldaw soran her bir ýurda bermäge synanşandygyny, soňky tapgyryna ýetilen türk sanjymyny hem öndürmäge başlanlarynda isleg bildiren ähli ýurtlara bermäge taýar boljakdyklaryny aýtdy.

 



Degişli Habarlar