Prezident Erdogan Mugallymlar güni mynasybetli gutlag ýüzlenmesini çap etdi
Prezident Rejep Taýýip Erdogan 24-nji noýabr Mugallymlar güni mynasybetli gutlag ýüzlenmesini çap etdi
1738047

Prezident Erdogan 24-nji noýabr Mugallymlar güni mynasybetli düýn Prezidentiň Kompleksinde ýurdyň 81 welaýatyndan gelen mugallymlar bilen duşuşyk geçirdi.
Erdogan ol ýerde eden çykyşynyň bir bölümini özüniň Twitter hasabyndan paýlaşyp, mugallymlary Mugallymlar güni bilen gutlady.
Prezident Erdogan: "Ähli mugallymlarymyzyň 24-nji noýabr Mugallymlar güni gutly bolsun. Wezipesini dowam etdirýärkä şehit bolan we aradan çykan ähli mugallymlarymyzy rehnet bilen hatyralap geçýärin" diýip habar berdi.