“TÝG-niň Inwentarynda Himiki Ýarag Ýok”

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar bujet gepleşikleriniň çäginde halk deputatlarynyň soraglaryna jogap berdi.

1734837
“TÝG-niň Inwentarynda Himiki Ýarag Ýok”

TBMM-niň Bujet komisiýasynda Milli goranmak ministrliginiň 2022-nji bujeti ara alnyp maslahatlaşyldy.

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar bujet gepleşikleriniň çäginde halk deputatlarynyň soraglaryna jogap berdi.

Akar “Türk ýaragly güýçleriniň inwentarynda, Türk ýaragly güýçleriniň çäginde asla hiç hili gaz ýada himiki ýarag ýok. Bolmagy hem mümkin däl. Hünärmenleriň nukdaý nazaryndan Türkiýe we Türk ýaragly güýçlerinde himiki ýaragyň ýada gazyň bolmandygy açyk aýdyň belli. Emma Türkiýe Respublikasy döwletiniň, Türk ýaragly güýçleriniň we Mehmetjigiň terrora garşy alyp barýan açyk aýdyň we egilşiksiz göreşini bökdemek üçin wagtal-wagtal şuňa meňzeş garaýyşlar öňe sürülýär. Öňe sürülýän garaýyşlar asylsyz” diýdi.



Degişli Habarlar