Türkiýäniň Daşary işler ministri Liwanda saparda bolýar

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly resmi sapar bilen giden Liwanyň paýtagty Beýrut şäherinde ýurdyň Prezidenti Mişel Awn tarapyndan kabul edildi

1734675
Türkiýäniň Daşary işler ministri Liwanda saparda bolýar

Liwanyň Prezidenti Mişel Awn Twitter hasabyndan beren beýanatynda, Baabda köşgünde ministr Çawuşogly bilen duşuşyk geçirendigini habar berdi. 

Mişel Awn bilen geçiren duşuşygyndan soň metbugat işgärlerine beýanat beren Çawuşogly: "Hormatly Prezident bilen Türkiýäniň we Liwanyň arasyndaky gatnaşyklary nähili özgertejdigimizi ara alyp maslahatlaşdyk. Täze hökümediň gurulmagy mynasybetli özüni gutladym. Mundan başgada 22-nji noýabryň Liwanyň Milli güni mynasybetli eýýäm şu wagtdan özüni gutladym" diýip habar berdi. 

Ministr Mewlüt Çawuşogly soň bolsa Liwanyň mejlisiniň başlygy Nabih Berri tarapyndan kabul edildi. 

Çawuşogly Liwana guran resmi saparynyň çäginde mundan başgada Premýer ministr Nejib Mikati we Daşary işler ministri Abdallah Buhabib bilen duşuşyklar geçirjekdigini mälim etdi. 

Liwanda ilkinji duşuşygyny Ykdysadyýet we söwda ministri Amin Salam bilen geçiren Çawuşogly “Ykdysady durnuklylyk üçin Liwan bilen edýän gatnaşyklarymyz dowam eder” diýip belledi.



Degişli Habarlar