Şentop Ahyska türkleriniň sürgüninde ýogalan adamlaryň 77-nji ýylynda beýanat berdi
TBMM-niň başlygy Mustafa Şentop, Ahyska türkleriniň sürgün edilen mahallary ýogalan adamlaryň 77-nji ýylynda gynanç ýüzlenmesini çap etdi
TBMM-niň başlygy Mustafa Şentop, sosial media hasabyndan beren beýanatynda: "Taryha gara tegmil bolup geçen, Ahyska türkleriniň öz watanlaryndan sürgün edilmekleriniň 77-nji ýylynda ýogalan doganlarymyzy uly hormat bilen hatyralap geçýäris" diýip habar berdi.
Prezidentiň orunbasary Fuat Oktaý hem, türkleriň Ahyska sebitinden sürgün edilmekleriniň 77-nji ýylynda ýüzlenme çap etdi.
Fuat Oktaý: "Ýüreklerdäki gam-gussa 77 ýyl soň hem ilkinji günki ýaly täze. 1944-nji ýylyň 14-nji noýabrynda öz watanlaryndan rehimsizlik bilen goparylyp sürgün edilen Ahyska türklerini ýatdan çykarmadyk, mundan soň hem ýatdan çykarmarys" diýip beýan etdi.
Degişli Habarlar
Prezident Erdogan, Gollandiýanyň Premýer-ministrini Kabul Etdi
Wahdettin köşgünde bolan kabul edilşik metbugata ýapyk häsiýetinde geçirildi.
TRT Ispan Digital Habar Platformasy Düşümli Bolsun
TRT Ispan digital habar platformasy dabaraly ýagdaýda açyldy.