Kalyn žurnalistleriň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly soraglaryna jogap berdi

Prezidentiň Metbugat sekretary Ibrahim Kalyn: "Türkiýesiz bir hasaplaşyk etmek ýa-da bir syýasat durmuşa geçirmek mümkin däldir" diýip belledi

1729667
Kalyn žurnalistleriň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly soraglaryna jogap berdi

Prezidentiň Metbugat sekretary Ibrahim Kalyn, Ankara Aýdym-saz we Şekillendiriş sungaty uniwersitediniň 2021-2022-nji okuw ýylynyň açylyş darabarasyna gatnaşdy, soň bolsa metbugat işgärleriniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly soraglaryna jogap berdi. 

G20 maslahatynda Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň, ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden bilen duşuşyk geçirendigini ýatladan Ibrahim Kalyn: "Hormatly Prezidentimiziň Hormatly Baýden bilen örän netijeli, konstruktiw duşuşygy boldy. Diňe möhlediniň uzyn bolmagy bilen çäklenmän mazmuny taýdan örän güýçlidi. Iki Lider Türk-Amerikan gatnaşyklaryny dogry bir strategik çarçuwa sygdyrmak boýunça hem ylalaşyga geldiler. Şol çarçuwa gözegçilik edilip, şony sebitleýin ikitaraplaýyn meselelere täsir ýetrjek ýagdaýda bir mehanizmiň döredilmegi babatynda ylalaşyga gelindi we bize hem şol babatynda görkezmeler berildi. Şonuň bilen baglanşykly Daşary işler ministrligimiziň koordinasiýasynda şol mehanizm iň gysga wagtda dörediler, söhbetdeşlerimiz bilen şolary ara alyp maslahatlaşarys, liderlerimiziň garamagyna hödürläris. Türk-Amerikan gatnaşyklarynyň bolmaly ýerine oturdylmagy üçin biz hem berilen görkezmeleriň çäginde işlerimizi alyp bararys" diýip habar berdi. 

"Häzirki wagtda dünýä syýasatyna gönüden täsir ýetirýän 4-5 sany geosyýasy meseläni sanajak bolsak, Owganystan ýaly, Gündogar Ortaýer deňizi ýaly, Siriýa ýaly, Kawkazlar ýaly, Liwiýa ýaly meseleler bar, şolaryň ählisinde hem Türkiýe bar" diýip aýdan Ibrahim Kalyn: "Şolaryň islendik birinde Türkiýesiz bir hasaplaşyk etmek ýa-da bir syýasat durmuşa geçirmek mümkin däldir" diýip mälim etdi. 



Degişli Habarlar