Oktýabr Aýynda 98 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi

Ismail Çatakly paýtagt Ankarada ministrligiň durmuşa geçirýän işleri hakynda metbugata beýannama berdi.

1728784
Oktýabr Aýynda 98 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi

Içeri işler ministriniň orunbasary Ismail Çatakly paýtagt Ankarada ministrligiň durmuşa geçirýän işleri hakynda metbugata beýannama berdi.

Oktýabr aýynda 98 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirlendigini aýdan Çatakly, şol terrorçylardan 71-niň terror guramasy PKK/KJK, 27-niň DAEŞ-e agzadygyny belledi.

Çatakly “Terrorçylardan 1-niň mawy, 1-niň mämişi we 3-niň hem çal kategoriýada gözlenýändigi anyklandy” diýdi.

Içeri işler ministriniň orunbasary İsmail Çatakly oktýabr aýynda terror guramasyna ýardam beren we gurama bilen arabaglanşygynyň bardygy anyklanan 2 müň 621 adamyň saklanandygyny, 492 adamyň tussag edilendigini we terrorçylykly 15 aksiýanyň öňüniň alynandygyny nygtady.

Bikanun göçe garşy göreşde oktýar aýynda 2 müň 670-i deňizlerde bolmak bilen 16 müň 516 migrantyň we 790 guramaçynyň saklanandygyny aýdan Çatakly “Ýurduna dolanan siriýalylaryň sany 469 müň 170 adama ýetdi. Ýurdumyzda bellige alynan siriýalylaryň sany bolsa 3 million 726 müň 206 adam” diýdi.



Degişli Habarlar