Liwandaky Türk Harby Toparynyň Iş Möhledi Uzadyldy

Türkiýäniň Liwandaky harby toparynyň iş möhledi 31-nji oktýabrdan başlap 1 ýyl möhled bilen uzadyldy.

1725545
Liwandaky Türk Harby Toparynyň Iş Möhledi Uzadyldy

Liwandaky türk esgerleriniň iş möhlediniň ýene-de 1 ýyl uzadylmagy hakyndaky ygtyýarnama TBMM-de kabul edildi.

Liwanda BMG-nyň çäginde iş alyp barýan türk esgerleriniň iş möhlediniň ýene-de 1 ýyl uzadylmagy hakyndaky Prezidentiň ygtyýarnamasy TBMM-niň Baş Assambleýasynda ara alnyp maslahalaşyldy.

Syýasy partiýalaryň wekilleriniň mejlisde eden çykyşygyndan soň sese goýlan ygtyýarnama kabul edildi.

Şeýlelikde, Türkiýäniň Liwandaky harby toparynyň iş möhledi 31-nji oktýabrdan başlap 1 ýyl möhled bilen uzadyldy.



Degişli Habarlar