Türkiýe, Hindistana we Nepala Gynanç Bildirdi
Hindistandaky we Nepaldaky sil apatynda ýogalanlar üçin gynanç bildirildi.
Türkiýe, Hindistandaky we Nepaldaky sil apatynda ýogalanlar üçin gynanç bildirdi.
Daşary işler ministrligi tarapyndan berlen ýazmaça beýannamada, “Hindistanda we Nepalda soňky günlerde aşa köp ýangýan ýagyşlar bilen gelen sil apatynda 100-den köp adamyň ýogalmagyna we ýaralanmagyna duýgudaşlyk bildirýäris. Tebigy apat sebäpli iki ýurduň hem maddy taýdan uly ýitgi çekmegine gynanç bildirýäris”diýildi.
Beýannamada, “Tebigy apatda ýogalanlaryň hossarlaryna, dost ýurtlar nepalyň we hindistanyň halkyna we hökümetlerine Türkiýäniň adyndan uly gynanç bildirýäris, ýaralananlara gyssagly şypa dileýäris” diýildi.
Degişli Habarlar
Daşary Işler Ministri Fidan Efiopiýaly Kärdeşi Bilen Duşuşdy
Hakan Fidan Ankarada Efiopiýanyň Daşary işler ministri Taýe Atske Selassie bilen duşuşdy