10 Ýurduň Ilçisi Daşary İşler Ministrligine Çagyryldy
10 ýurduň ilçisi, işewür Kawala hakynda gozgalan kaziýet işi hakynda beren beýannamalary sebäpli Daşary işler ministrligine çagyryldy
Paýtagt Ankarada iş alyp barýan 10 ýurduň Türkiýedäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, işewür adamy Osman Kawala hakynda gozgalan kaziýet işi hakynda beren beýannamalary sebäpli Daşary işler ministrligine çagyryldy.
Diplomatik çeşmeleriň berýän habaryna görä, ABŞ-nyň, Germaniýanyň, Daniýanyň, Finlandiýanyň, Fransiýanyň, Gollandiýanyň, Şwesiýanyň, Kanadanyň, Norwegiýanyň we Täze Zelandiýanyň Türkiýedäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, işewür adamy Osman Kawala hakynda gozgalan kaziýet işi hakynda beren beýannamalary sebäpli Daşary işler ministrligine çagyryldy.
Ady agzalýan ýurtlaryň ilçileri, sosial media arkaly Kawala hakynda gozgalan kaziýet işiniň, Türkiýäniň demokratiýasyna we hukugyň üstünligine zeper ýetirýändigi sebäpli Osman Kawalanyň boşadylmagy üçin çagyryş beripdi.
Degişli Habarlar
Alžiriň Energetika Ministri Ankarada Saparda Bolýar
Jewdet Ýylmaz, Alžiriň Energetika we magdanlar ministri Muhammed Arkab bilen duşuşdy.