Prezident Erdogan Angolada saparda bolýar

Prezident Rejep Taýýip Erdogan Afrika materigine guran saparynyň ilkinji duralgasy bolan Angolanyň paýtagty Luanda şäherine bardy

1720906
Prezident Erdogan Angolada saparda bolýar

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan Luanda Kuatro de Fewereýro halkara howa menzilinde Angolanyň Daşary işler ministri Tete Antonio we Türkiýäniň Luanda şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Alp Aý tarapyndan garşylandy. 

Resmi saparyna şu gün başlajak Prezident Erdogan, Angolanyň Prezidenti Žoao Manuel Gonsalweş Lourensu tarapyndan Prezident köşgünde resmi dabara bilen garşylanar.

Kärdeşler ikiçäk we toparara gepleşiklerden soň, umumy metbugat ýygnagyny geçirerler.

Angolanyň mejlisinde çykyş etjek Prezident Erdogan soň bolsa Antonio Agostino Netonyň ýadygärligine zyýarat eder we Daşary Ykdysady Gatnaşyklar Geňeşi tarapyndan geçiriljek Angola-Türkiýe Işewürler forumyna gatnaşar. 



Degişli Habarlar