Mewlüt Çawuşogly Polşada saparda bolýar

Mewlüt Çawuşogly Polşa bilen gatnaşyklaryň ähli ugurlar boýunça özgerýändigini aýan etdi

1714522
Mewlüt Çawuşogly Polşada saparda bolýar

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, resmi sapar bilen giden Polşadaky türk jemgyýetiniň Türkiýe bilen Polşanyň arasyndaky möhüm dostluk köprüsidigini beýan etdi. 

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, ýurdyň paýtagty Warşawa şäherine guran saparynyň çäginde, Tatar jemgyýetine wekilçilik edýän Polşaly musulmanlaryň Din işleri guramasynyň başlygy Tomaş Miskewiç we Dolanşyk geňeşiniň agzalary bilen duşuşyk geçirdi. 

Polşa-Türkiýe Işweür adamlar jemgyýeti bilen Türk medeniýet we raýdaşlyk jemgyýetiniň agzalary we hormatly Baş konsullar bilen hem duşuşyk geçiren Mewlüt Çawuşogly maslahatda: "Daşary ýurtlardaky raýatlarymyzy we işewür adamlarymyzy hemişe goldaýarys, olaryň ýeten sepgitlerine buýsanýarys" diýip beýan etdi. 

Mewlüt Çawuşogly Polşa bilen gatnaşyklaryň ähli ugurlar boýunça özgerýändigini aýan etdi. 



Degişli Habarlar