Erdogan: "Kärdeşim Putin bilen netijeli duşuşyk geçirdik" diýdi

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin bilen Russiýanyň Soçi şäherinde geçiren duşuşyklarynyň netijeli geçendigini habar berdi

1712408
Erdogan: "Kärdeşim Putin bilen netijeli duşuşyk geçirdik" diýdi
erdogan ucak.jpg
erdogan-putin.jpg

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan bilen Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putiniň arasynda Russiýanyň Soçi şäherinde duşuşyk geçdi. 

Metbugata ýapyk häsýetde geçen duşuşyk takmynan 2 sagat 45 minut dowam etdi.

Duşuşyk bilen bagly özüniň sosial media hasabyndan beýanat beren Erdogan: "Kärdeşim Putin bilen netijeli duşuşyk geçirip, Soçiden gaýtdyk" diýip habar berdi. 

Erdogan beren beýanatynda Putin bilen düşen suratyny hem paýlaşdy. 

Putin hem duşuşykdan soň beren beýanatynda Erdogana guran sapary sebäpli minnetdarlyk bildirip: "Duşuşyk örän peýdaly we köptaraplaýyn geçdi. Aragatnaşykda bolarys" diýip mälim etdi. 

Prezident Erdogan Türkiýäniň wagty bilen sagat 17:00-da Russiýanyň Soçi şäherinden gaýtdy. 

Prezident Erdogan bilen birlikde Milli howpsuzlyk guramasynyň Başlygy Hakan Fidan, Kommunikasiýalar edarasynyň Başlygy Fahrettin Altun we Prezidentiň Diwanynyň metbugat Sekretary İbrahim Kalyn hem Soçi şäherinden gaýtdylar. 



Degişli Habarlar