Ýene-de 3 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi

“Terrora garşy göreş soňky terrorçy ýok edilýänçä egilşiksiz dowam eder”

1710330
Ýene-de 3 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi

Siriýada “Zeýtun Şahajygy” operasiýasy zolagynda hüjüm guramak üçin taýarlyk görýän PKK/ÝPG-a agza 3 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Milli Goranmak ministrliginiň Twitterden beren habarnamasynda, Türk ýaragly güýçleriniň terrora garşy alyp barýan göreşiniň güýçli depginde dowam edýändigi nygtaldy.

Habarnamada “Zeýtun Şahajygy” operasiýasy zolagynda hüjüm guramak üçin taýarlyk görýän ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-a agza 3 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirildigi bellenildi.

Habarnamda şeýle hem “Terrora garşy göreş soňky terrorçy ýok edilýänçä egilşiksiz dowam eder” diýildi.



Degişli Habarlar