Prezident Erdoganyň kitabynyň tanyşdyrylyşy ABŞ-da amala aşyryldy

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdoganyň "Has adalatly bir dünýä mümkin" atly kitabynyň tanyşdyrylyşy ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde amala aşyryldy

1708038
Prezident Erdoganyň kitabynyň tanyşdyrylyşy ABŞ-da amala aşyryldy

Prezident Erdoganyň, Türkiýäniň bütin adamzat üçin orta goýan adalat gözlegi jikme-jik ýagdaýda düşündiriliýän "Has adalatly bir dünýä mümkin" kitaby, Türk-Amerikan Milli dolandyryş komitediniň "The Manhattan Senter"-de geçirilen çärede tanyşdyryldy. 

Iňlis we arap dillerinde terjime edilen kitap, çärä gatnaşan ähli myhmanlara sowgat edildi. 

Adalatsyzlyk, bosgun krizisi, halkara terrorizm we Yslamafobiýa başda bolmak bilen global syýasatyň çykgynsyzlyklarynyň üstünde durulyp geçilen kitaby, Prezident Erdogan BMG-nyň Baş Assambleýasynda duşuşyklar geçirjek agza ýurtlaryň liderlerine hem sowgat bermegine garaşylýar. 



Degişli Habarlar