Türkiýe Somalidäki terrorçylykly hüjümi ýazgardy

Türkiýe Somaliniň Wadažir sebitinde düýn guralan terrorçylykly hüjümi berk ýagdaýda ýazgarýandygyny habar berdi

1706367
Türkiýe Somalidäki terrorçylykly hüjümi ýazgardy

Türkiýäniň Daşary işler ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda, ýurdyň paýtagty Mogadişunyň Wadažir diýilen ýerinde düýn guralan bombaly hüjümde azyndan 10 adamyň ýogalandygy we köp sanda adamyň ýaralanandygy baradaky habaryň uly gynanç bilen alynandygy mälim edildi. 

Guralan terrorçylykly hüjümiň berk ýagdaýda ýazgarylýandygy bellenen beýanatda, dostlukly we doganlyk Somaliniň hökümeti bilen halkyna gynanç bildirdildi, hüjümde ýogalan adamlara Alladan rehnet, ýaralanan adamlaryň tiz wagtda sagalmaklary dilendi. 

Beýanatda: "Türkiýe terrora garşy göreşde Somaliniň ýanynda bolmaga dowam eder" diýip habar berildi. 



Degişli Habarlar