Terrorçylyga Garşy Göreş Dowam Edýär

Siriýada “Parahatçylyk Çeşmesi” zolagynda od açan terror pozisiýalary derbi dagyn edilip, 9 PKK/ÝPG terrorçysy täsirsiz ýagdaýa getirildi

1701496
Terrorçylyga Garşy Göreş Dowam Edýär

Milli goranmak ministrliginiň twitter hasabyndan berilen beýannamada; “ “Parahatçylyk Çeşmesi” zolagyna günortadan od açan terrorçylara, atyş goldaw ulaglarymyz bilen netijeli gaýtawul görkezildi. Od açan terror pozisiýalary doly derbi dagyn edilip, ilkinji kesgitlemelere görä azyndan 9 PKK/ÝPG terrorçysy täsirsiz ýagdaýa getirildi” diýilýär.

Beýleki tarapdan howpsuzlyk güýçleri awgust aýynda gahhor terror guramasy PKK agyr zarba urdy.

Ýurduň içinde we daşynda geçirilen operasiýalarda guramanyň käbir ýokary derejeli diýilýän adamlary bilen birlikde 212 terrorçy täsirsiz ýagaýa getirildi.

Şu ýyl söhbetdeşlikler netijesinde howpsuzlyk güýçlerine goýun egen PKK terrorçylarynyň sany bolsa 141-e ýetdi.



Degişli Habarlar