Erdogan Beýik Ýeňiş Mynasybetli Gutlag Ýüzlenmesini Çap Etdi

Prezident Erdogan ýüzlenmesinde milletiň Ýeňiş baýramyny gutlady

1699514
Erdogan Beýik Ýeňiş Mynasybetli Gutlag Ýüzlenmesini Çap Etdi

Erdogan ýüzlenmesinde: “Mundan 99 ýyl ozal Dumlupynarda çarpaýa galan imanyň ýolbebetlik etmeginde, 84 million jebis, agzybir, doganlarça ýagty gelejegimize bilelikde ýeteris” diýdi.

Prezident Erdogan 30-njy awgust Ýeňiş baýramy mybasybetli çap eden ýüzlenmesinde şanly taryhyň mähek daşlaryndan biri bolan Beýik ýeňişiň 99 ýyllygyny belläp geçmegiň özlerini buýsandyrýandygyny beýan etdi.

Milletiň, Kipr türkleriniň we dünýäniň dürli ýurtlarynda ýaşaýan raýatlaryň her biriniň 30-njy awgust Ýeňiş baýramyny gutlan Erdogan, şeýle buýsançly günde özlerini ýalňyz goýmaýanlara öz adyndan we milletiň adyndan sagbolsun aýtdy.

Prezident Erdogan pursatdan peýdalanyp Garaşsyzlyk söweşiniň Serkerdesi, Respublikanyň esaslandyryjysy Gahryman Mustafa Kemal Artatürki, Beýik Millet Mejlisiniň hotmatly agzalaryny we goşunyň gahryman esgerlerini rahmet bilen hatyralaýandygyny nygtady.

Erogan: “84 million agzybir, jebis we doganlarça ýagty gelejege bilelikde ýeteris. Milletimiziň we Demirgazyk Kipr Türk Respublikasyndaky ähli doganlarymyzyn 30-njy awgust Ýeňiş baýramy gutly bolsun” diýdi.



Degişli Habarlar