Beýik Ýeňişiň 99 Ýyllygy Bellenilip Geçilýär

Ýeňiş baýramynyň 99 ýyllygy ýurduň çar tarapynda dabaraly ýagdaýda bellenilip geçiler.

1699450
Beýik Ýeňişiň 99 Ýyllygy Bellenilip Geçilýär
30 Ağustos 7.jpg
30 Ağustos 6.jpg
30 Ağustos 5.jpg
30 Ağustos 4.jpg
30 Ağustos 3.jpg
30 Ağustos 2.jpg
30 Ağustos 1.jpg

Beýik Baştutan Mustafa Kemal Atatürküň öňbaşçylyk etmeginde 1922-nji ýylyň 30-njy awgustda gazanylan ýeňiş taryha altyn harplar bilen ýazyldy.

Ýeňiş baýramynyň 99 ýyllygy ýurduň çar tarapynda dabaraly ýagdaýda bellenilip geçiler.

Baýramçylyk dabaralary hemişe bolşy ýaly Atatürkiň Aramgähinde ilkinji dabaranyň geçirilmegi bilen başlardy

Prezident R. T. Erdogan döwlet ýolbaşçylary bilen birlikde Atatürkiň Aramgähinde geçiriljek dabara gatnaşdy.

Syýasy partiýalaryň liderleri, ministrler, serkerdeler we halk deputatlary hem dabaralara gatnaşdy.

Prezident Erdogan, Atatürkiň gubyr ýädigärlinde geçiriljek dabaradan soň Başserkerde hökmünde Prezidentiň kompleksinde gutlaglary kabul eder.

30-njy awgust Ýeňiş baýramynyň 99 ýyllygyna bagyşlanyp paýtagt Ankarada resmi ýöriş geçirler.

TBMM-niň öňünde başlajak ýöriş Mejlisiň ilkinji binasynyň öňüne çenli dowam eder.



Degişli Habarlar