Prezident Erdogan Tokio Olimpiada Oýunlaryna Gatnaşan Türgenler Bilen Duşuşdy

"Sporda we türgenlere ähli taraplaýyn goldaw bermäge dowam ederis"

1696126
Prezident Erdogan Tokio Olimpiada Oýunlaryna Gatnaşan Türgenler Bilen Duşuşdy

Prezident R. T. Erdogan 2020 Tokio Olimpiada oýunlarynda medal alan milli türgenler bilen Beştepede agşam naharynda duşuşdy.

Erdogan naharda eden çykyşynda, 2020 Tokio Olimpiada oýunlaryna gatnalan 108 türk türgeniniň her biriniň takdyra laýykdygyny nygtady.

Prezident Erdogan “Şu ýyl olimpiadalara gatnaşan türgenlerimiz diňe gazanan üstünlikleri bilen däl eýsem alyp baran tutumlary bilen hem ünsleri özüne çekdi. Durmuşa geçiren işlerimiz bilen sporda we türgene bolan garaýyşlary üýtgetdik” diýdi.

Erdogan 2023-nji ýyla çenli ýagny Türkiýe Respublikasynyň 100 ýyllygyna tarap barýan ýolda spordyň ähli görnüşi boýunça başarjaň türgenleri taýarlamagy maksat edinýäris” diýip belledi.

Prezident Erdogan sporda we türgenlere ähli taraplaýyn goldaw bermäge dowam etjekdiklerini ýatlatdy.



Degişli Habarlar