Erdogan: "Owganystan meselesi boýunça başga ýurtlar bilen hem gepleşikler geçirýäris"

Prezident Erdogan: "Owganystan meselesi boýunça başga ýurtlar bilen hem gepleşikler geçirýäris" diýip habar berdi

1694662
Erdogan: "Owganystan meselesi boýunça başga ýurtlar bilen hem gepleşikler geçirýäris"

Prezident Rejep Taýýip Erdogan Stambulda eden çykyşynda, Günbatar dünýäsi başda bolmak bilen Yslam dünýäsiniň hem Owganystan bilen bagly gerek bolan aladany etmeýändigini belledi. 

Prezident Erdogan: "Owganystana ähli mümkinçiliklerimiz bilen hem infrastruktura hem-de dikeldiş tapgyry babatynda gerek bolan goldawy berdik, işlerimiz mundan soň hem dowam eder" diýip habar berdi. 

Erdogan Türkiýede häzirki wagtda hasaba alynan we hasaba alynmadyk 300 müň owganystanly bosgunyň bardygyny mälim etdi. 

Erdogan: "Başdan geçirilýän hadyslara ýakyndan gözegçilik edýäris. Haysalara gözegçilik edýärkäk Owganystan syýasatlaryny ýakyndan bilýän ýurtlar bilen gepleşikler geçirýäris. Daşary işler ministrligimizi şol ýurtlar bilen duşuşyklary bar, mysal üçin şolar ýaly maslahatlaryň biri, ýagny NATO maslahaty ertir geçiriler. Daşary işler ministrimiziň ol ýerde duşuşyklary bolar" diýip habar berdi. 

Prezident Erdogan: "Gerek bolsa Taliban bilen hem duşuşyklar geçireris, ortadan bir hadysa, hakykat bar we bu mesele bilen bagly gapy kakylan mahaly, gapymyzy açyp duşuşyklar geçireris" diýip aýan etdi. 



Degişli Habarlar