Türkiýäniň demirgazyk sebitinde başdan geçirilen sil apatynda ýogalanlaryň sany 74 adama ýetdi

Türkiýäniň Gara deňiz sebitinde başdan geçirilen sil apaty sebäpli ýogalanlaryň sany 74 adama ýetdi

1692212
Türkiýäniň demirgazyk sebitinde başdan geçirilen sil apatynda ýogalanlaryň sany 74 adama ýetdi

Tebigy apatlar we adatdan daşary ýagdaýlar edarasy AFAD tarapyndan berlen beýanatda sil apaty sebäpli Kastamonu welaýatynda 62 adamyň, Sinop welaýatynda 14 adamyň we Bartyn welaýatynda hem 1 adamyň ýogalandygy habar berildi.

AFAD sil sebäpli Sinop we Kastamonu welaýatlarynda dereksiz ýitenleriň sanynyň 42 adama ýetendigini beýan etdi.  

Sil apatynda ýaralanan 8 adamyň bejergisiniň dowam edýändigi aýan edildi. 

Sil apatyndan soň Bartyn welaýatynyň Ulus etrabynda 341 adamyň, Kastamonu welaýatynda 1480 adamyň, Sinop welaýatynyň Aýanjyk etrabynda we etrapçalarynda bolsa 560 adamyň howpsuz ýerlere göçürilendigi mälim edildi. 

Sil apatyndan soň welaýatlaryň 3-sinde hem gözleg we halas ediş işleriniň güýçli depginde dowam etdirilýändigi beýan edildi. 



Degişli Habarlar