Türkiýe Sudanda 100 Müň Gekdar Ekin Meýdanyny Dolandyrar

Ankarada Türkiýe-Sudan Işewürler Maslahaty geçirildi

1690673
Türkiýe Sudanda 100 Müň Gekdar Ekin Meýdanyny Dolandyrar
Abdulfettah el-Burhan.jpeg

Maslahata gatnaşan Prezidentiň orunbasary Fuat Oktaý: “Sudanda ilkinji tapgyrda 100 müň gekdar ekerançylyk meýdany ýurdumyzyň dolandyrmagy üçin berildi” diýdi.

Oktaý Sudan Respublikasynyň Garaşsyzlyk geňeşiniň Başlygy general Abdulfettah al Burhanyň gatnaşmagynda Ankarada geçirilen Türkiýe-Sudan İşewürler Maslahatynda çykyş etdi.

Sudanyň ykdysady galkynyşyna berilýän goldawyň dowam etjekdigini aýdan Oktaý; “Sudan 100 müň gektar ekerançylyk meýdanyny dolandyrmak üçin Türkiýä berdi” diýdi.

Al Burhan bolsa Türkiýäniň we Sudanyň bar bolan söwda mukdarynyň ýakyn gelejekde 2 milliard dollara ýetiriljekdigini aýtdy.

Sudanyň ösen dünýä ýurtlarynyň arasynda öz mynasyp ornuny eýelemek üçin geçiş tapgyrynyň bardygyny beýan eden Al Burhan, Türkiýä bu tapgyrda berýän goldawy üçin sagbolsun aýtdy.

Al Burhan: “Türkiýe biziň üçin iňňän möhüm. Haýsydyr bir ýurt däl, öňbaşçy ýurt. Baý tejribeleri bolan ýurt. Ençeme ugurda, oba hojalygynda we beýleki ugurlarda ösen ýurt. Biz hem şol şertlerden we tejribelerden peýdalanmak isleýäris” diýdi.



Degişli Habarlar