Türkiýe Alžire gynanç bildirdi

Türkiýe Alžirdäki tokaý ýangynlarynda ýogalan adamlar sebäpli gynanç ýüzlenmesini çap etdi

1689190
Türkiýe Alžire gynanç bildirdi

Türkiýäniň Daşary işler ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda: "Alžiriň ençeme şäherinde dowam edýän tokaý ýangynlarynda asuda ilatyň we halkyň howpsuz ýerlere göçürilmek operasiýalaryna gatnaşan 25 esgeriň ýogalandygy baradaky habary uly gynanç bilen aldyk" diýip habar berildi. 

Beýanatda: "Ýangynda ýogalan adamlara Alladan rehnet, dostlukly we doganlyk Alžiriň halkyna we hökümetine gynanç bildirýäris" diýip mälim edildi. 

Alžiriň hökümeti ýurtdaky tokaý ýangynlarynda 25-si esger jemi 42 adamyň ýogalandygyny habar beripdi. 


Etiketkalar: #gynanç , #Türkiýe , #ýangyn , #Alžir

Degişli Habarlar