Ömer Çelik owgan bosgunlar bilen bagly beýanat berdi

Adalat we ösüş partiýasynyň metbugat geňeşçisi Ömer Çelik Türkiýäniň hiç kimiň bosgun düşelgesi bolmandygyny beýan etdi

1688347
Ömer Çelik owgan bosgunlar bilen bagly beýanat berdi

Adalat we ösüş partiýasynyň metbugat geňeşçisi Ömer Çelik, ýurdyň Prezidenti we Adalat we ösüş partiýasynyň başlygy Rejep Taýýip Erdoganyň ýolbaşçylyk etmegindäki partiýanyň Merkezi Dolanşyk Geňeşiniň maslahaty dowam edýärkä metbugata beýanat berdi. 

Ömer Çelik beren beýanatynda Türkiýä gelýän owgan bosgunlaryň üstünde durup geçip: "Türkiýe ölümden gaçýan adamlara gujak açar. Ondan hyýanatçylykly peýdalanylmagyna rugsat bermeris. Türkiýe hiç kimiň bosgun düşelgesi däldir" diýip habar berdi. 

Türkiýäniň mundan köp bosgun ýüküni alyp biljek ýagdaýda däldigini aýdan Ömer Çelik: "Türkiýäniň serhet howpsuzlygy ýokarydyr" diýip belledi. 

Geçen hepde ABŞ-nyň käbir owganlaryň Türkiýe bilen birlikde 3-nji ýurtlaryň üsti bilen ABŞ-na ýaşamak üçin ýüz tutup biljekdigi bilen bagly beýanatyna Ankaradan berk reaksiýa bildirilipdi. 

Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Tanžu Bilgiç: "Türkiýe hökmünde ABŞ-nyň jogapkärçiliksiz we ýurdumyz bilen maslahatlaşmadan alan kararyny kabul etmeýäris. ABŞ eger şol adamlary ýurduna almak isleýän bolsa onda gönüden uçarlar bilen ýurduna alyp gitmegi mümkindir" diýip nygtady. 



Degişli Habarlar