Siirt welaýatynda iki terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi
Sebitdäki operasiýalar dowam edýär
Türkiýäniň Siirt welaýatynyň Perwari etrabynyň Herekol Dagy diýilen ýerinde geçirilýän Eren-13 operasiýasynyň çäginde ekstremist terror guramasyna agza 2 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.
Türkiýäniň Içeri işler ministrliginden berilen beýanata görä, Şyrnak welaýatynyň Žandarma serkerdeliginiň koordinasiýasynda operasiýa geçirildi.
Žandarma güýçleriniň ýaragly uçarmansyz howa ulagy we harby dikuçarlar bilen birlikde Harby-howa güýçleriniň goldaw bermeginde geçirilen operasiýada 2 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.
Sebitdäki operasiýalar dowam edýär.
Degişli Habarlar
Prezident Erdogan, Gollandiýanyň Premýer-ministrini Kabul Etdi
Wahdettin köşgünde bolan kabul edilşik metbugata ýapyk häsiýetinde geçirildi.
TRT Ispan Digital Habar Platformasy Düşümli Bolsun
TRT Ispan digital habar platformasy dabaraly ýagdaýda açyldy.