Ibrahim Kalyn Aleksandr Lawrentiýew bilen duşuşyk geçirdi

Prezidentiň Metbugat geňeşçisi Ibrahim Kalyn, paýtagt Ankara şäherine sapar guran Russiýa Federasiýasynyň Siriýa boýunça ýörite wekili Aleksandr Lawrentiýew bilen duşuşyk geçirdi

1685178
Ibrahim Kalyn Aleksandr Lawrentiýew bilen duşuşyk geçirdi

Prezidentiň kompleksinde Prezidentiň Metbugat geňeşçisi Ibrahim Kalynyň we Russiýa Federasiýasynyň Siriýa boýunça ýörite wekili Aleksandr Lawrentiýewiň ýolbaşçylyk etmeginde geçirilen toparara duşuşykda, Siriýadaky wakalar we syýasy tapgyr maslahatlaşyldy.

Idlibde ylalaşygyň goralmagynyň ähmiýetiniň bellenilip geçilen duşuşykda, ylalaşygyň düzgünlerine zyýan ýetirjek öjükdiriji hüjümlere rugsat bermezlik barada ylalaşyga gelindi.

Siriýada parahatçylygyň we durnuklylygyň ýola goýulmagy üçin syýasy tapgyryň has täsirli ýagdaýda dolandyrylmagynyň we konstitutsion komitediň işleriniň çaltlandyrylmagynyň gerekdigi bellenen duşuşykda, Siriýanyň territorial bütewiliginiň goralmagynyň we PÝD/PKK/ÝPG we DAIŞ ýaly ähli terror guramalaryna garşy tutanýerlilik bilen göreşmegiň ähmiýetiniň üstünde durulyp geçildi.

Siriýada ynsanperwer krizisi ýeňilleşdirjek umumy ädimleriň edilmeginiň üstünde durulyp geçilen duşuşykda, şol çäkde Siriýa ynsanperwer kömekleriň geçişiniň dowamyny üpjün edýän 2585 belgili BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşiniň kararyndan hoşaldygy bellenip geçildi.



Degişli Habarlar