Erdogan Tokaý Ýangynlaryndan Zyýan Çeken Etraplara Iş Saparyny Guraýar

Prezident R.T.Erdogan tokaý ýangynlarynda zyýan çeken etraplara iş saparyny guramak üçin Antalýa bardy

1683299
Erdogan Tokaý Ýangynlaryndan Zyýan Çeken Etraplara Iş Saparyny Guraýar

Erdogan Antalýanyň Manawgat etrabynda tokaý ýangynlaryndan zyýan çeken ýerine dik uçar bilen syn etdi.

Erdogana saparynyň dowamynda Oba we tokaý hojalygy ministri Bekir Pakdemirli ýoldaşlyk edip, maglumat berdi.

Prezident Erdoganyň Antalýadan soň Mugla welaýatynyň Marmaris etrabyna barmagyna garaşylýar.

Şu gün Kahramanmaraş welaýatynda birnäçe çärä gatnaşmagy meýilleşdirilen Prezident Erdogan, ol ýerde saparyny bes edipdi.



Degişli Habarlar