Prezident Erdogan Diýarbakrdaky eneleriň biri bolan Aýşegül Biçeri gutlady
Diýarbakyrdaky eneleriň ýene-de biri öz çagasyna gowuşdy
Prezident Rejep Taýýip Erdogan, ekstremist terror guramasy PKK tarapyndan zamun alynan oglunyň gaýdyp gelmegi mynasybetli Aýşegül Biçere jaň edip ony gutlady.
Diýarbakyrdaky eneleriň ýene-de biri öz çagasyna gowuşdy.
Aýşegül Biçeriň terror guramasy PKK tarapyndan alynyp gaçylan ogly howpsuzlyk güýçlerine boýun egdi.
Prezident Erdogan ogluna gowuşanlygy sebäpli Aýşegül Biçere jaň edip, ony gutlady.
Aýşügül Biçer: "Şular ýaly bir keramat boldy, Hudaý maňa oglumy yzyna bagyş etdi. Siz bize eýe çykmadyk bolsadyňyz, biz ol ýerde bu göreşimizi dowam etdirip bilmezdik. PKK-nyň elinden oglumy gaňyryp aldym. Indi bu sagatdan soňky maksadymyz ähli çagalary yzyna almak. Ertir deprek we zurna bilen Halklaryň Demokratik Partiýasynyň gapysyna barjak, bu ýeňişi yglan ederis. Eneler islese daglary deşip öz çagalaryna gowuşar. Ertir duşuşygymyz bolar. Bu ýeňiş ählimiziň" diýip belledi.
Prezident Erdogan bolsa: "Ol biziň wezipämizdi, biz öz wezipämizi ýerine ýetirdik. Siz bolsa bizi höweslendirdiňiz. Diýarbakyrda dik duryň, başyňyzy egmäň. Siziň ol ýerdäki dik durmagyňyz ýollary açdy" diýip jogap berdi.
Degişli Habarlar
Türkiye, Çiliniň kararyna reaksiýa bildirdi
Türkiye, Çiliniň 1915-nji ýyldaky wakalary "genosid" hökmünde ykrar eden kararyna reaksiýa bildirdi
TRT-niň Ispan Dilindäki Digital Ýaýlymlary Başlaýar
Ertir TRT-niň Ispan dilindäki digital ýaýlym platformasy tanyşdyrlar