50 Ýaşyny Dolduran Raýatlar Üçin 3-nji Doza Sanjymlara Tapgyry Başlady

Ministr Koja “50 ýaşyny dolduran raýatlarymyza dessine 3-nji doza sanjymlaryny etdirmekleri üçin çagyryş berýärin” diýdi.

1681841
50 Ýaşyny Dolduran Raýatlar Üçin 3-nji Doza Sanjymlara Tapgyry Başlady

Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja, 50 ýaşyny dolduran her bir adamyň koronawirusa garşy 3-nji doza sanjymyny etdirip biljekdigini aýtdy.

Ministr Koja “50 ýaşyny dolduran raýatlarymyza dessine 3-nji doza sanjymlaryny etdirmekleri üçin çagyryş berýärin” diýdi.

Fahrretin Koja, Koronawirus ylmy geňeşiniň maslahatyndan soň metbugata beýanna berdi.

Sanjym etdirmegiň ähmiýetine ünsi çeken Koja “Sanjymlar esasan howply topardaky raýatlarymyz üçin diýseň möhüm. Maşgala agzalarymyzy goramak üçin sanjym etdireliň. Wirusa ýoluganlaryň 87 göterimi, hassahanada bejergi astyna alynanlaryň 95 göterimi sanjymlaryny doly etdirmediklerden ybarat” diýdi.

50 ýaşyndaky ýokardaky raýatlar üçin 3-nji doza sanjymlara tapgyrynyň başlandygyny nygtan Koja “50 ýaşyndan ýokarda 3-nji doza sanjymyny etdirjek 9 milliona golaý raýatymyza dessine sanjymlaryny etdirmekleri üçin çagyryş berýärin” diýip belledi.



Degişli Habarlar