Kalyn: "Tunisdäki demokratik tapgyryň togtadylmagyny ret edýäris" diýdi
Ibrahim Kalyn beýanat berdi
Prezidentiň Metbugat sekretary Ibrahim Kalyn, Tunisde demokratik tapgyryň togtadylandygyny belläp: "Konstitutsiýanyň esasyndaky kanuny häkimiýeti we halkyň goldawy bolmadyk başlangyçlary ýazgarýarys" diýip belledi.
Prezidentiň Metbugat sekretary Ibrahim Kalyn, özüniň sosial media hasabyndan beren beýanatynda, Tunisde ýurdyň Prezidenti Kaýs Saidiň, Mejlisiň işlerini togtatmak we Premýer ministri wezipesinden çetleşdirmek bilen bagly kararlarynyň üstünde durup geçdi.
Ibrahim Kalyn: "Dostlukly we doganlyk Tunisde demokratik tapgyryň togtadylmagyny we halkyň demokratik ygtyýarynyň äsgerilmezligini ret edýäris. Konstitutsiýanyň esasyndaky kanuny häkimiýeti we halkyň goldawy bolmadyk başlangyçlary ýazgarýarys. Tunisiň demokratiýasynyň bu tapgyrdan güýçlenip çykjakdygyna ynanýarys" diýip belledi.
Degişli Habarlar
“Türkiýe Palestina Goldaw Bermäge Dowam Eder”
Altun,TRT-niň Ispan dilindäki digital habar platformasynyň tanyşdyrlyş çäresine gatnaşdy