Türkiýe Ysraýylyň hereketini ýazgardy
Türkiýe Ysraýylyň polisiýa işgärleriniň palestinalylary adam mertebesini ynjydyp göz tussaglygyna almagyny ýazgardy
Türkiýäniň Daşary işler ministrliginden berilen beýanatda: "Ysraýylyň howpsuzlyk güýçleriniň aralarynda çagalar we zenanlar hem bolan käbir palestinalylary adam mertebesini ynjydyp olary göz tussaglygyna almagyny ýazgarýarys" diýip aýan edildi.
Beýanatda: "Ysraýylyň howpsuzlyk güýçleriniň şu gün irden Harem Şerifiň mukaddesligini ýene-de bir gezek äsgermän, rasist jöhit toparlaryň Aksa metjidine zor bilen girmegine rugsat bermegini, ybadat eden asuda palestinalylara garşy ses bombalaryny ulanmagyny we aralarynda çagalar we zenanlar hem bolan käbir palestinalylary adam mertebesini ynjydyp olary göz tussaglygyna almagyny ýazgarýarys. Ysraýylyň Oraza aýynda Aksa metjidine garşy guran hüjümleriniň bütin sebitde sebäp bolan dartgynlyk we çaknyşyk gurşawynyň adamlaryň aňlarynda entek galan bir gurşawda bular ýaly öjükdiriji hereketleriň dowam etmegi örän howplydyr. Ysraýylyň hökümetine öjükdiriji hereketlerini we hüjümlerini iň tiz wagtda bes etmegi baradaky çagyryşymyzy gaýtalap geçýäris" diýip beýan edildi.
Degişli Habarlar
Türkiye, Çiliniň kararyna reaksiýa bildirdi
Türkiye, Çiliniň 1915-nji ýyldaky wakalary "genosid" hökmünde ykrar eden kararyna reaksiýa bildirdi
TRT-niň Ispan Dilindäki Digital Ýaýlymlary Başlaýar
Ertir TRT-niň Ispan dilindäki digital ýaýlym platformasy tanyşdyrlar