Turkovac-Coronovac Sanjymynyň Üçünji Doza Synaglary Başlady

Koja, meýletinleriň telefon arkaly synaglara gatnaşyp biljekdiklerini nygtady.

1676366
Turkovac-Coronovac Sanjymynyň Üçünji Doza Synaglary Başlady

 

Ýerli mümkinçilikler bilen täze görnüş koronawirusa garşy taýarlanýan Turkovac-Coronovac sanjymynyň üçünji doza synaglary Ankara Şäher hassahanasynda başlady.

Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja, sosial mediadan beren habarnamasynda “Turkovac-Coronovac sanjymynyň üçünji doza synaglary Ankara Şäher hassahanasynda başlady. Synaglara Sinovak sanjymynyň ikinji dozasyny etdiren we 90 gün geçen 18-59 ýaş aralygyndaky meýletinler gatnaşyp bilýär. Halkymyzdan ýerli sanjymyň öndürilmegi üçin goldawa garaşýarys”diýdi.

Koja, meýletinleriň telefon arkaly synaglara gatnaşmak üçün ýüz tutup biljekdiklerini nygtady.


Etiketkalar: #koronawirus , #sanjym , #synag

Degişli Habarlar