TRT-ä Täze Ýolbaşçylar Bellendi

TRT-niň Baş müdürligine Mehmet Zahid Sobajy, TRT-niň dolandyryjylar geňeşiniň başlyklygyna bolsa Ahmet Albaýrak bellendi

1675146
TRT-ä Täze Ýolbaşçylar Bellendi

Türkiýäniň Radio-telewideniýe guramasy TRT-niň Baş müdürligine Prof. Dok. Mehmet Zahid Sobajy, TRT-niň dolandyryjylar geňeşiniň başlyklygyna bolsa Prof. Dok. Ahmet Albaýrak bellendi.

Ibrahim Ereniň 4 ýyllyk iş möhlediniň dolandygy sebäpli TRT-niň Baş müdürligine Prof. Dok. Mehmet Zahid Sobajy, TRT-niň dolandyryjylar geňeşiniň başlyklygyna bolsa Prof. Dok. Ahmet Albaýrak bellendi.

Prezident R. T. Erdoganyň goly bilen Resmi gazetde çap edilen karar bilen TRT-niň Baş müdürligine Mehmet Zahid Sobajy, TRT-niň dolandyryjylar geňeşiniň başlyklygyna bolsa Ahmet Albaýrak bellendi.

Ibrahim Eren 2013-nji ýylda TRT-niň Baş müdüriniň orunbasary, 2017-nji ýylyň iýul aýynda bolsa TRT-niň Dolandyryjylar geňeşiniň başlygy we TRT-niň Baş müdüri hökmünde bellenipdi.

Eren 4 ýyl Baş müdüriň orunbasary, 4 ýyl hem TRT-niň Dolandyryjylar geňeşiniň başlygy we TRT-niň Baş müdüri hökmünde TRT-de jemi 8 ýyl işledi.



Degişli Habarlar