"Goranyş pudagynyň ägirtleriniň" sanawynda 2 türk kärhanasy bar
Dünýäniň iň abraýly goranyş senagaty pudagynyň sanawy hökmünde kabul edilýän "Defense News Top 100" sanawyna 2 türk kärhanasy girmegi başardy
1674327

Merkezi ABŞ-da ýerleşýän harby ýaýlym organy "Defense News" žurnaly tarapyndan satuw görkezijilere esaslanyp taýarlanýan Defense News Top 100" sanawynyň 2021-nji ýyldaky sanawy çap edildi.
Sanawda şu ýyl ASELSAN 48-nji, TUSAŞ kärhanasy bolsa 68-nji boldy.
Epidemiýa sebäpli pul dolanşygy boýunça uly tolgunmalaryň başdan geçirilen sanawda 2020-nji ýylda ASELSAN kärhanasy 48-nji, TUSAŞ kärhanasy bolsa 53-nji bolupdy.
ABŞ-nyň Lockheed Martin kärhanasynyň 1-nji bolan sanawyň ilkinji orunlarynda Boeing, Airbus, Leonardo ýaly kärhanalar bar.
Sanawyň ilkinji orunlarynda ABŞ-dan 6, Hytaýdan 3, Beýik Britaniýadan bolsa 1 kärhana bar.