“Türkiýäniň Uçarmansyz Howa Ulaglary Liderlige Tarap Barýar”
“Drona Wars” saýty, Türkiýäniň uçarmansyz howa ulaglary pudagynda gazanan üstünligine giňişleýin ýer berdi.
Merkezi Britaniýada ýerleşýän “Drona Wars” atly goranyş senagaty pudagynyň habar saýty, Türkiýäniň uçarmansyz howa ulaglary pudagynda gazanan üstünligine giňişleýin ýer berdi.
Berlen analizde “Türkiýe uçarmansyz howa ulaglary bazarynda liderlige tarap barýar” diýildi.
Analizde, Türkiýäniň öndüren uçarmansyz howa ulaglarynyň özüni subut edendigi nygtaldy.
Analizde Türkiýäniň uçarmansyz howa ulagy pudagynda ABŞ-dan we Ysraýyldan öňe geçendigi bellenildi.
Baýraktar TB2 uçarmansyz howa ulagynyň Liwiýada, Siriýada we Daglyk Garabagda gazanan üstünliklerine üns çekildi.
Analizde Türkiýäniň bu üstünliginiň Britaniýanyň hem ünsüni özüne çekendigi nygtalda we Britaniýanyň Goranmak ministri Ben Uollesiň taýarlan habarnamasynda Baýraktar TB2-ni görelde görkezendigi ýatladyldy.
Degişli Habarlar
Daşary Işler Ministri Fidan Efiopiýaly Kärdeşi Bilen Duşuşdy
Hakan Fidan Ankarada Efiopiýanyň Daşary işler ministri Taýe Atske Selassie bilen duşuşdy