Prezident Erdogan Doktorantlar Bilen Duşuşdy

"Geçirlen barlaglar Kanal Stambuldaky gämi gatnawynyň Bogazlara görä 13 esse has howpsyz ýagdaýda amala aşyryljakdygyny görkezýär"

1669025
Prezident Erdogan Doktorantlar Bilen Duşuşdy

Prezident R. T. Erdogan üçünji Kitaphana söhbetdeşliginiň çäginde Millet kitaphanasynda doktorantlar bilen duşuşdy.

Doktorantlaryň soraglaryna jogap beren Prezident Erdogan, geçirlen barlaglaryň Kanal Stambuldaky gämi gatnawynyň Bogazlara görä 13 esse has howpsyz ýagdaýda amala aşyryljakdygyny görkezýändigini belledi.

Bosfor bogazynyň daşky gurşaw gyrgynçylygy taýdan howplydygyna ünsi çeken Erdogan, Bosfor bogazynyň esasan öwrüm bilen arabaglanşykly özboluşlylygy sebapli gämileriň uly howpy başdan geçirýändigini belledi.

Bosfor bogazynda ozal başdan geçirlen heläkçiliklere ünsi çeken Erdogan “Biz bu heläkçiliklerden sapak almaly. Bosfor bogazyndan ýylda 45 müň gämi geçýär. Geçirlen barlaglar 2050-njy ýylda bogazdan 78 müň gäminiň geçjekdigini görkezýär. Gämi gatnawy günsaýyn ýokarlaýar. Emma Bozfor bogazynyň howpsyz gämi gatnawy mümkinçiligi ýylda diňe 25 müň. Bogazy gämi gatnawyna ýapyp bilmejekdigimiz sebäpli elimizde diňe bir mümkinçilik bardy we ol hem Kanal Stambul taslamasy” didi.



Degişli Habarlar