Ibrahim Kalyn Albaniýada Saparda Bolýar

“Türkiýe bilen Albaniýanyň arasyndaky gatnaşyklar güýçlenmek bilen dowam edýär"

1669067
Ibrahim Kalyn Albaniýada Saparda Bolýar

Prezidentiň metbugat sekretary Ibrahim Kalyn resmi sapar bilen Albaniýa gitdi.

Paýtagt Tiranda žurnalistleriň soraglaryna jogap beren Kalyn, Albaniýanyň parahatçylygynyň we durnuklylygynyň Balkanlaryň parahatçylygy we durnuklylygy taýdan möhümdigini belledi.

Balkanlarda parahatçylygyň we durnuklylygyň dowam etdirilmegi meselesiniň NATO-nyň we ÝB-niň gün tertibinde esasy orun eýeleýändigini belledi.

Kalyn “Türkiýe bilen Albaniýanyň arasyndaky gatnaşyklar her ýyl güýçlenmek bilen dowam edýär. Biz özara gatnaşyklary ähli taraplaýyn ösdürmek üçin tagalla etmäge dowam ederis” diýdi.

Türkiýe bilen Albaniýanyň goranyş senagaty taýdan hem ýakyndan hyzmataşlyk edýändigini nygtan Kalyn “Albaniýanyň parahatçylygy we durnuklylygy Balkanlaryň parahatçylygy we durnuklylygy taýdan möhüm”diýip belledi.



Degişli Habarlar