Gökbeý dikuçarynyň 3-nji prototipi ilkinji uçuş synagyny üstünlikli ýagdaýda amala aşyrdy

Türkiýe tarapyndan öndürilen Gökbeý dikuçarynyň 3-nji prototipi ilkinji uçuş synagyny üstünlikli ýagdaýda amala aşyrdy

1666289
Gökbeý dikuçarynyň 3-nji prototipi ilkinji uçuş synagyny üstünlikli ýagdaýda amala aşyrdy

Prezidentiň ýanyndaky Goranyş senagatynyň başlygy Ismail Demir, şahadatanmalandyryş synaglary dowam edýän Gökbeý dikuçarynyň 3-nji prototipi ilkinji uçuş synagyny üstünlikli ýagdaýda amala aşyrandygyny habar berdi. 

Ismail Demir Twitterden beren beýanatynda: "Takmynan 40 minut dowam eden bu uçuş synagy bilen birlikde ýene-de bir täze prototipi düzüme goşdyk" diýip mälim etdi. 

Goranyş senagatynyň başlygy Ismail Demir, beýanatynda dikuçaryň ýokaryk galyşyny we aşak gonuşyny görkezýän wideo ýazgy paýlaşdy. 


Etiketkalar: #dikuçar , #Gökbeý

Degişli Habarlar